Twitter abuna ýazylmadyk ulanyjylar üçin şahsy habarlaryň sanyna çäklendirme girizer

  • 24.07.2023 11:31
  • 2.9k+

Twitter tassyklanmadyk ulanyjylaryň iberip biljek şahsy habarlarynyň sanyna gündelik çäklendirme girizmekçi. The Verge bu barada Twitter goldaw hyzmatynyň neşir eden habaryna salgylanyp ýazýar. Bu çäre platformadaky "spamyň mukdaryny azaltmak" üçin zerurdyr.

Twitter gündelik çäklendirmäniň nähili boljagyny takyk aýtmady. Şol bir wagtyň özünde Twitter Blue-nyň abunaçylary henizem öňküler ýalky çäksiz mukdarda habar iberip bilerler. Neşir täzelikleriň bir hepdäniň içinde sosial ulgamda peýda boljakdygyny belleýär.
13-nji iýuldan başlap Twitter platformanyň meşhur ulanyjylary bilen mahabat girdejilerini paýlaşyp başlady. Tölegler “Stripe” hyzmat-hyzmatdaşyndan geçer. Soňky üç aýda 15 milliondan gowrak habary görlen Twitter Blue-yň abunaçylary monetizasiýa maksatnamasyna gatnaşyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde jynsy, maliýe piramidalary ýa-da çalt baýamagyň shemalary, zorluk, humarly oýunlar, neşe serişdeleri, spirtli içgileri we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly mazmunyň awtorlary töleg alyp bilmezler.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
2k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...