ChatGPT-niň Android üçin niýetlenen goşundysynyň çykjak wagty mälim edildi

  • 23.07.2023 23:34
  • 4.7k+

ChatGPT-niň Android üçin niýetlenen resmi goşundysy eýýäm indiki hepde Google Play-de elýeterli bolar. Bu barada Gazeta.ru GizmoChina neşirine salgylanyp habar berýär.

Ýakyn wagtda ChatGPT-niň Android operasion ulgamynda işleýän goşundysynyň çykjakdygyny çat-botlary işläp düzmäge ýöriteleşen «OpenAI» kompaniýasy özüniň «Twitter-däki» sahypasynda habar beripdi. Şol habarda hem häzirden müşderileriň «Google Play-de» öňünde sargyt etmek mümkinçiliginiň bardygyny belledi – şeýle edilende ykjam goşunda elýeterli bolan badyna awtomatiki ýagdaýda smartfona ýüklenilýär.
Ýeri gelende bellesek, ChatGPT-niň iOS operasion ulgamynda işleýän goşundysy birnäçe aý mundan ozal ulanyjylara ýetirilipdi. «OpenAI» kompaniýasynyň bu goşundysy bir hepdeden hem az wagtyň içinde 500 müň gezek ýüklenildi.
ChatGPT-niň Android üçin niýetlenen goşundysynyň hem «iOS» ulgamynda bolşy ýaly, iki görnüşde: tölegli we tölegsiz nusgalarda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Tölegli nusgany ulanyjylar, ilkinji bolup, goşundynyň täze mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.


07.03.2026 17:10
905

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

19.02.2026 20:07
1.5k+

ChatGPT ulgamyna «bloklama düzgüni» we «ýokary töwekgelçilik» belgisi girizildi

OpenAI kompaniýasy emeli aň önümleri üçin täze howpsuzlyk funksiýalaryny — «bloklama düzgünini» (Lockdown Mode) we «ýokary töwekgelçilik» (Elevated Risk) belgisini işe girizýändigini yglan etdi. Bu täzelikler ChatGPT, ChatGPT Atlas we Codex ulgamlaryna degişlidir...

27.01.2026 10:12
1.8k+

900 million ulanyjy üçin bir serwer: ChatGPT nähili işleýär?

OpenAI kompaniýasy hepdede 800–900 million işjeň ulanyjysy bolan ChatGPT-niň maglumatlar binýadynyň (PostgreSQL) nähili işleýändigini aýan etdi. Geň galdyryjy tarapy, şeýle ägirt uly ulgam şardirlemesiz (maglumatlary böleklere bölmän), diňe bir sany esasy serwer we 50 töweregi nusga (replika) arkaly işleýär...