Google Pixel 8 Pro-nyň aýratynlyklary aýan edildi

  • 19.07.2023 16:22
  • 13k+

Taýýarlanylýan Google Pixel 8 we Pixel 8 Pro smartfonlary baradaky maglumatlar Internet torunda birnäçe gezek syzdyryldy. Şeýlelik bilen, takmynan bir hepde mundan öň meşhur insaýder Ýogeş Brar kiçi modeliň esasy aýratynlyklaryny we bahasyny açdy, indem ol uly görnüşiniň aýratynlyklary we çykarylan senesi baradaky maglumaty çap etdi: Google Pixel 8 Pro.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, smartfon 6,7 dýuýmlyk LTPO OLED duýgur ekrany, QHD + durulygy we 120 Hz täzeleniş tizligini, ýörite Titan howpsuzlyk çipi bolan SoC Google Tensor G3, 12 GB RAM, 128 ýa-da 256 GB içerki ýat we 27W çalt simli zarýad bermek üçin göwrümi 4950 mAh batareýa alar.
Esasy kamera moduly üç datçikden ybarat: optiki şekil stabilizasiýaly 50 MP, ultra giň burçly 64 MP we telefon linzasy bilen 48 MP. Öňki maglumatlara görä, esasy datçik Samsung ISOCELL GN2, aşa giň burçly Sony IMX787, telefon suraty ISOCELL GM5 bolar. Google Pixel 8 Pro -nyň beýleki aýratynlyklarynyň arasyndan Ýogeş Brar infragyzyl temperatura datçigini we ekranda barmak yzy skanerini agzady. Şeýle hem, smartfonyň ОС Android 14-iň dolandyrmagynda işlejekdigini aýtdy. Insaýder flagmanyň oktýabr aýynda goýberilip başlanjakdygyny aýtdy. 


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....