iPhone-nyň birinji nesli ABŞ-daky auksionda rekord 190 000 dollara satyldy

  • 18.07.2023 12:04
  • 20k+

LCG Auctions auksion öýi iPhone-nyň 2007-nji ýyldaky modeliniň auksionda rekord derejede 190 000 dollara satylandygyny habar berdi. Bu barada auksion öýüniň resmi web sahypasynda yglan edildi.

Lotuň beýan edilişine görä, şol bir model öň auksionlara gatnaşypdy we bahasy has pesdi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ol 39 müň dollara satyldy we 2023-nji ýylyň fewralynda rekord derejede 63 müň dollara çykdy. Şeýle-de bolsa, LCG Auctions-yň habar bermegine görä, ýekşenbe güni agzalan model üýtgeşik bahadan, ýagny 190,372 müň dollara satyldy.
Auksion öýi lotuň bahasynyň ýokarlanmagynyň modeliň ýady bilen baglydygyny düşündirýär. Öň satylan iPhonlaryň 8 GB ýady bardy. Ýekşenbe güni satylan iPhone-nyň ýady 4 GB bar. Lotuň beýanynda görkezilişi ýaly, kolleksiýa toplaýjylar bazarda sanynyň çäkliligi we seýrekligi sebäpli bu modeli gymmatly hasaplaýarlar. Bu model 2007-nji ýylyň 29-njy iýunynda iki wersiýada çykdy: 4 GB (499 $) we 8 GB (599 $). Şeýle-de bolsa, has kiçi ýat modeli beýlebir meşhur däldi we onuň önümçiligi 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda bary-ýogy iki aýdan soň bes edildi.
Auksion öýi satylan modeliň ýagdaýynyň gowudygyny we iPhone-nyň inžerleriniň ilkinji toparynyň agzalarynyň biriniň elinden auksiona gelendigini belleýär.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....