Awgust aýynda Hytaýda Bütindünýä boks forumy geçiriler

  • 18.07.2023 11:59
  • 4.2k+

Bütindünýä boks forumy 27-nji awgustda Hytaýda geçiriler. Bu barada halkara boks birleşiginiň (IBA) metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

IBA-nyň direktorlar geňeşi guramanyň strategiki ösüşiniň ugruny ara alyp maslahatlaşmak üçin 15-nji iýulda degişli karar kabul etdi. Mundan başga-da, ýakyn geljekde kontinental we dünýä ýaryşlarynda täze ders - interaktiw boks ýaryşlary hödürlener.

"Bu gün sport üçin inklýuziw global geljegiň strategiki ugruny düzenimizde boks üçin öwrülişik pursady boldy. IBA näme bolsa-da öňe barýar. Boksuň we türgenlerimiziň geljegi üçin ara alnyp maslahatlaşylan ähli aspektleri durmuşa geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys – diýip, IBA-nyň başlygy Umar Kremlýew aýtdy.
"Forumy kabul etmek üçin Hytaýy saýlamak bilen biz Aziýa ýylyny belleýäris we sebitiň boksa bolan höwesine hormat goýýarys. Boks pudagyny ösdürmek ugrundaky tagallalary we diňe bir saýlama sporty däl, eýsem köpçülikleýin sporty güýçlendirmek meýilleri üçin ýurda tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Hytaý ýaly güýçli hyzmatdaş bilen bilelikde boksuň geljegini düzýäris we öňde boljak mümkinçilikler meni ruhlandyrýar " – diýip, halkara federasiýasynyň prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....