Twitter mahabat girdejilerini mazmunyň awtorlary bilen paýlaşar

  • 15.07.2023 18:24
  • 4.3k+

Adybir sosial ulgama eýe bolan Twitter käbir awtorlara mahabat girdejilerini paýlaşmaga mümkinçilik berýän täze bir aýratynlygy yglan etdi. Trend-iň habar bermegine görä, bu baradaky beýanat anna güni kompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edildi.

Beýanatda: "Mazmunyň awtorlary üçin pul gazanmak teklibimizi giňeldýäris. Indi biz mahabat girdejilerini paýlaşmak funksiýasyny girizýäris" diýilýär. Twitter bu täzeligiň awtorlara sosial ulgamda mydama girdeji gazanmaga we mazmunyndan pul gazanmaga mümkinçilik berjekdigini aýdyňlaşdyrýar. Agzalan funksiýa diňe Twitter-iň hyzmatdaşy bolan Stripe töleg ulgamynyň işleýän ýurtlarynda elýeterli bolar.
Girdejileri paýlaşmak maksatnamasyna girmek üçin Twitter Blue-a abuna ýazylan tassyklanan hasap eýesi bolmaly we ýazgylary yzygider üç aýyň dowamynda azyndan 5 million gezek görülmeli. Girdejileri paýlaşmak maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar ýakyn wagtda kabul edilip başlanar.
Aprel aýynda Twitter -iň başlygy Ilon Mask sosial ulgamda ulanyjy mazmunyny monetizasiýa etmek üçin programmanyň başlandygyny habar beripdi. Şeýle hem, Twitter öz mazmunyny tanatmak üçin awtorlara goldaw bermegi meýilleşdirýär.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
2k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...