Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylara bir aýlyk dynç alşa çykmaga rugsat berdi

  • 15.07.2023 00:20
  • 37k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 6 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda eden çykyşynda ýolbaşçylara bir aýlyk dynç alşa çykmaga rugsat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, ýurdumyz boýunça erbet bolmandygyny aýtmak bilen, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günleri maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji  sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini yglan etdi. Hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri Awazada, Arçmanda we Ýylysuwda ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler. 


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......