Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna täze rektor bellenildi

  • 14.07.2023 22:25
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesine H.Nunnaýewi belläp, ony şol institutyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatdy. Degişli resminama döwlet Baştutany 6 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Institutyň öňki rektory A.Saparow Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine  bellenildi.
Şeýle hem mejlisiň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine S.Ataýew, ylmy işler boýunça prorektory wezipesine M.Piriýew bellenildi.


14.05.2026 15:38
2.1k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....