Türkmenistanda 6 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisi geçirildi

  • 14.07.2023 21:46
  • 11k+

Şu gün, 14-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda 2023-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Hökümet mejlisine harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Onda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi. Şeýle-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilip, ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki günlerde maslahatlary geçirmek tabşyryldy.
Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......