Hytaý 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda nebitiň we gazyň importyny artdyrdy

  • 14.07.2023 10:32
  • 6.1k+

Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň penşenbe güni neşir eden maglumatlaryna laýyklykda, ýurt 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda nebitiň we tebigy gazyň importyny artdyrdy.  Tebigy gazyň importynyň möçberi 5,8%, nebitiň importy 11,7% artdy diýip, Praým agentligi habar berýär.

Hasabat döwründe Hytaý 282,07 million tonna nebit import etdi. Daşary ýurtdan satyn alnan çig nebitiň umumy bahasy 163,356 milliard dollara deň boldy. Bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 10,9% azdyr. Iýun aýynda Hytaý 28,185 milliard dollara 52,062 million tonna nebit satyn aldy.
Tebigy gazyň importynyň möçberi 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 56,629 million tonna deň boldy. Umumy bahasy 32,024 milliard dollar (ösüş 1%). Iýun aýynda Hytaý 5,042 milliard dollara 10,389 million tonna tebigy gaz satyn aldy.
2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda kömrüň importy 221,93 million tonna deň boldy, ösüş 93%. Satyn alnan kömrüň umumy bahasy 27,672 milliard dollara deň boldy (ösüş 49,2%). Iýun aýynda Hytaý 4,489 milliard dollara 39,871 million tonna kömür satyn aldy.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......