Garri Potter hakyndaky kitabyň ilkinji neşiri 13,5 müň dollara satyldy

  • 13.07.2023 12:05
  • 7.6k+

Joan K.Roulingiň 30 pensa (takmynan 36 sent) satyn alnan “Garri Potter we pelsepe daşy” (1997) atly kitabynyň ilkinji neşiri Angliýada 10,5 müň funt sterlinge (13,5 müň dollar) satyldy. Bu barada duşenbe güni Liçfildde (Staffordşir graflygy) söwdalaşyklary geçiren Richard Winterton Auctioneers öýünde Twittere habar berdiler.

"Garri Potter" hakdaky kitap üçin ajaýyp netije! Auksion bahasy 10,5 müň funt "-diýip habarda bellenýär. Alyjynyň baýragyny göz öňünde tutup, lotuň iň soňky bahasynyň näçedigi görkezilmedi.

Kitabyň satylan bahasy deslapky çaklamadan iki esse we höwesjeň toplaýjynyň birnäçe ýyl mundan ozal kitaphanadan bu “gaty könelen” nusgasyny satyn alan bahasyndan 35 000 esse köp boldy. Kitaphana kitabyň ýagdaýyny okyja hödürlärden ýaramaz hasaplapdyr we arzanjak bahadan berip goýberipdir. Kitabyň eýesi ýylyň başynda 55 ýaşynda duýdansyz ýogalandan soň, kitap ýygnaýjynyň garyndaşlary onuň zatlaryny dörüp otyrkalar, kitabyň seýrek bir nusgasyny tapyp, auksion öýüne hödürläpdirler.
Hünärmenler munuň 1997-nji ýylda çap edilen 500 nusganyň biridigini tassykladylar. Olardan 300-si Angliýadaky kitaphanalara iberildi we diňe 200-si satuwa çykaryldy.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......