Dünýä çempiony Fýuri oktýabrda UFC-iň öňki çempiony Ngannu bilen söweşer

  • 13.07.2023 10:46
  • 16k+

Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) aşa agyr agramdaky dünýä çempiony iňlis pälwany Taýson Fýuri bilen UFC-niň agyr agramdaky öňki çempiony kamerunly türgen  Frensis Ngannunyň arasyndaky söweş 28-nji oktýabrda Saud Arabystanynda geçiriler. AFP bu barada sişenbe güni Fýuriniň toparyna salgylanyp habar berdi.

Fýuriniň topary söweşiň professional boksuň düzgünlerine laýyklykda geçiriljekdigini we görkezme häsiýetli bolmajakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde WBC-niň guşagy ugrunda söweşilmez. Ondan öň ESPN-niň žurnalisti Maýk Koppinger söweşiň geçiriljek senesi we ýeri barada habar beripdi.
Fýuri 34 ýaşynda, 2015-nji ýylyň noýabr aýynda ukrainaly türgen Wladimir Kliçkony ýeňdi we Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) titulyna eýe boldy. Şondan soň britaniýaly türgen saglyk we neşe meseleleri sebäpli 2,5 ýylyny sypdyrdy. 2020-nji ýylda ol amerikaly pälwan Deonteý Uaýlder bilen geçirilen tutluşykda WBC-niň  titulyna eýe boldy we ony üç gezek gorady. Fýuri professional ýaryşda ýeňilmegiň nämedigini bilmeýär - 33 ýeňiş (24 nokautly) we 1 deňme-deňlik.
36 ýaşly Ngannu garyşyk söweş sungatynda 17 ýeňiş we 3 ýeňliş gazandy hem-de 2021-nji ýylda UFC-niň agyr agram derejesindäki titulyny aldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......