Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy çaga terbiýesine we ýaşlaryň ösüşine bagyşlanan duşuşyklary geçirdi

  • 12.07.2023 19:14
  • 11k+

Ýakynda Änew şäherinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Gujurly» bilim merkeziniň Änew şäher şahamçasynyň guramagynda maslahat duşuşyklary geçirildi.

5-nji iýulda «Ýaşlar we ösüş» ady bilen geçirilen maslahat duşuşygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan gelejekki hünärmenler «Dil guralmy ýa-da hünärmi?», «70-nji ýyllarda we häzirki döwürde iňlis dilini öwrenmegiň tapawutlary», «Üç görnüş ene-ata: dikuçar, seržant, konsultant», «90-njy ýyllardaky ýaşlar bilen häzirki döwrüň ýaşlarynyň tapawudy», «Kyn günler güýçli adamlary döredýär», «Marketingde psihologiýanyň orny», «Sport, teatr we okamak medeniýeti», «Ussatlyk üçin 10 müň sagat», «Arkadag şäheri ýaşlaryň şäheri» atly temalar bilen çykyş etdiler.
6-njy iýulda «XXI asyrda çaga terbiýesi» atly maslahatyň dowamynda Kakajan Agajykow, Sylap Ataýew, Merdan Amanýazow, Merdan Şadurdyýew ýaly tejribeli mugallymlar «Lezzetlere çäk goýmagyň esaslary we sebäpleri», «Sosial medianyň peýdalary we zyýanlary», «Mugallymyň okuwçylara täsiriniň has aýratyn bolmagy, öz çagalaryna şol täsiriň pes bolmagynyň sebäpleri», «Elektron we kagyz kitabyň okyjy üçin tapawudy» ýaly temalar bilen çykyş etdiler. Şeýle-de foruma gatnaşan ene-atalar özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça sorag-jogap alyşdylar.
Bu çärä körpeje çagalaryň birnäçesi öz ene-atalary bilen hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşinde täze döredilen Maglumat beriş bölüminiň meýletinçi ýaş hünärmenleriniň çykyşlary çagalaryň we ýetginjekleriň bilim almaga bolan höwesini has hem artdyrdy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......