Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýolbaşçysy saýlandy

  • 12.07.2023 18:42
  • 26k+

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy saýlandy.

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Maslahatlar zalynda bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň umumy mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Atagulyýew Nökerguly Hojagulyýewiçiň dalaşgärligi Birleşmäniň ýolbaşçylygyna hödürlenildi.
Soňra TSTB-niň müdirýertiniň agzalary Nökerguly Atagulyýewi Birleşmäniň müdirýetiniň başlygy wezipesine hödürlemek hakynda biragyzdan ses berdiler. Netijede bu çözgüt TSTB-niň umumy ýygnagy tarapyndan makullanyldy.
Nökerguly Atagulyýew döwlet we diplomatik işinde baý tejribä eýe. Ol söwda ministri (2007-2010), Türkmenistanyň BAE-däki we Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (2010-2012), Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (2012-2013) bolup işledi. Bilimi — ykdysatçy-guramaçy.
2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri TSTB-ä Döwran Hudaýberdiýew ýolbaşçylyk edýärdi.


24.03.2026 16:33
7.4k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.3k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...