Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň «Dinamo» klubunyň baş tälimçisi boldy

  • 09.07.2023 23:13
  • 23k+

Mahaçkalanyň «Dinamo» futbol kluby türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewi klubuň täze baş tälimçisi edip belledi. Bu barada ýekşenbe güni klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Tälimçi bilen şertnamanyň möhletleri barada aýdylmaýar.
Gurban Berdiýew 70 ýaşynda, soňky gezek ol 2022-nji ýylyň dekabryndan 2023-nji ýylyň apreli aralygynda «Soçi» futbol klubuna tälimçilik etdi. 2021-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ol Gazagystanyň «Kaýrat» klubuna, 2022-nji ýylda Eýranyň «Traktor» klubuna tälimçilik etdi. 2001-2013-nji ýyllarda hem-de 2017-2019-njy ýyllarda Kazanyň «Rubin» klubuna tälimçilik etdi. 2015/16 möwsümde «Rostow» klubuna tälimçilik etdi.
2022/23 möwsümde Mahaçkalanyň «Dinamo» kluby Birinji liganyň ýaryş jedwelinde 34 oýunda 46 utuk toplap, sekizinji ýeri eýeledi. Möwsümiň netijeleri boýunça «Dinamo» kluby Mir-Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş etmäge hukuk berýän synag oýunlaryna gatnaşan Moskwanyň «Rodina» klubundan bary-ýogy dört utuk yza galdy.


düýn 22:49
3.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......