Çilim çekmegiň gadagan edilmegi dünýäde ýürek we öýken keselleriniň ýaýramagyny azaltdy

  • 09.07.2023 14:25
  • 31k+

Alymlar dünýäniň köp sebitinde we ýurtlarynda ulaglarda hem-de köpçülik ýerlerinde çilim çekmäge kanuny gadaganlyklaryň girizilmegi ýürek-damar keselleriniň takmynan 10% azalmagyna we öýken keseliniň 17% azalmagyna sebäp bolandygyny anykladylar. Gözlegçileriň netijeleri JAMA Network Open žurnalynda çap edildi.

Umuman alanyňda, awtorlar 144 gözlegiň netijelerini gözden geçirdiler. Alymlar öz gözegçiliklerini jemlediler we temmäkä garşy göreş çäreleriniň ilatyň saglygyna ortaça nähili täsir edendigini kesgitlediler.
Derňew ofislerde, köpçülik ýerlerinde we ulaglarda çilim çekmegi gadagan edýän kanunlaryň jemgyýetiň saglygyna peýdaly täsir edendigini görkezdi. Orta hasap bilen ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň kesellerini degişlilikde 10% we 17%, şeýle hem bu keseller sebäpli ýogalýanlaryň derejesini 10% we 9% azaltdy.
Ýürek we öýken keselleriniň agyr görnüşleri bilen kesellän näsaglary hassahana ýerleşdirmek ýygylygy hem 9% azaldy. Mundan başga-da, çilim çekmek gadaganlygy, wagtyndan öň dogulýan çagalaryň 6% azalmagyna, şeýle hem çilim çekmeýänlerde çaga dogluşynyň we göwrelilikde beýleki gaýra üzülmeleriň azalmagyna goşant goşdy.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......