Apple Vision Pro VR garnituralaryny 2024-nji ýylyň başynda satyp başlamagy meýilleşdirýär

  • 08.07.2023 11:32
  • 5k+

Apple amerikan kompaniýasy geljek ýylyň başynda ABŞ-daky dükanlarda Vision Pro giňeldilen hakykat äýnegini satmagy meýilleşdirýär. Bu barada anna güni Bloomberg habar berdi.

Kompaniýa geljek ýylyň başynda tutuş ýurt boýunça 270 dükanda bölek satuwy ýola goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Munuň üçin Apple dükanlarda oturgyçly we gulaklykly aýratyn ýerleri döreder. Şeýle hem indiki ýylyň başynda şeýle äýnegi onlaýn dükanda sargyt edip bolar.
Agentligiň bellemegine görä, kompaniýa 2024-nji ýylyň ahyrynda beýleki ýurtlarda giňeldilen hakykat äýneklerini satyp başlar. Apple-iň inženerleri häzirki wagtda enjamy Fransiýa, Germaniýa, Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa we Koreýa üçin lokallaşdyrmagyň üstünde iş alyp barýarlar.


19.06.2026 14:20
3k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

19.05.2026 09:37
4.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.5k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.9k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....