Ýan Wermeýeriň Amsterdamdaky suratlarynyň sergisi 2023-nji ýylda iň köp barylýan sergi boldy

  • 06.07.2023 11:18
  • 11k+

Amsterdamyň Reýksmuzeumynda niderlandiýaly suratkeş Ýan Wermeýeriň işlerine bagyşlanan ekspozisiýa 2023-nji ýylda dünýäde iň meşhur sergi boldy. Bu barada forbes.kz habar berýär.

Wermeýeriň sergisi Reýksmuzeumda 10-njy fewraldan 4-nji iýun aralygynda geçirildi. Ekspozisiýanyň çäklerinde suratkeşiň biziň günlerimize gelip ýeten 37 ykrar edilen eseriniň 28-isi ýa-da onuň ähli eserleriniň 82%-i hödürlendi. Reýksmuzeumyň kolleksiýasynda Wermeýeriň diňe dört suraty bar. Galan ähli işler, şol sanda “Göwher gulakhalkaly gyz”, Pariždäki Luwrdan, Gaagadaky Maurishýoýsdan, Nýu-Ýorkdaky Frikiň kolleksiýasyndan we dünýäniň beýleki muzeýlerinden getirildi. Amsterdamdaky ekspozisiýada hödürlenen eserleriň käbiri Niderlandlarda öň görkezilmändi.
Reýksmuzeumyň maglumatlaryna görä, sergä jemi 113 ýurtdan 650 000 adam baryp gördi, bu hem ony muzeýiň taryhynda iň üstünlikli muzeýe öwürdi. ARTnews neşiriniň maglumatlaryna görä, ekspozisiýa üçin petekler satuwa çykarylandan soň birnäçe günüň içinde doly satyldy. Sergi üçin käbir petekler eBay-da gaýtadan hem satyldy, olaryň bahasy 2724 dollara ýetdi. Reýksmuzeumyň özünde petegiň bahasy, takmynan, 33 dollardy.


20.04.2026 18:05
2.6k+

«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär....

30.03.2026 15:21
3.3k+

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýanyň ähtimal jaýlanan ýeri tapyldy

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär....

13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.8k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...