7-nji iýula geçilýän gije Ýerden 2023-nji ýylda iň kiçi Güne syn edip bolar

  • 05.07.2023 13:20
  • 19k+

Ýakyn günlerde Ýeriň ýaşaýjylary gyzykly astronomiki hadysany synlap bilerler - planetamyz Günüň orbitasynyň iň uzak nokady bolan afeliýden geçýär. Muny Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýer 6-njy iýuldan 7-sine geçilýän gije, penşenbe güni afeliýden geçer. Şol gün Günüň 2023-nji ýyldaky görünýän iň kiçi (31′31″) diskini Ýerden synlap bolar. Afeliýde Ýer Günden takmynan 152 million km uzaklykda, Güne iň ýakyn orbitanyň nokady bolan perigeliýden 5 million km uzaklykda bolýar.
Netijede, afeliýde Gün diskiniň görünýän ululygy perigeliýdäkiden has kiçidir. Şeýle-de bolsa, hünärmenler bu tapawudyň göz üçin duýulmaýandygyny belleýärler, sebäbi  alty aýyň içinde diskiň ululygy ýuwaşjadan üýtgeýär. Deňeşdirilen tapawut - 3 göterim.

Eger has takyk aýtsak, Ýer afeliýde 2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda, aşgabat wagty bilen sagat 01:06-da - 152 094 000 km uzaklykda bolar.
"Afeliý" sözi grek dilinden gelip çykýar (grekçe aphelios (apo - uzakda we helios - Gün), sözme-söz terjime edilende "Günden uzak" diýmekdir. Afeliý – planetanyň orbitasynyň ýa-da Gün ulgamynyň başga bir asman jisiminiň Günden iň uzakda ýerleşýän nokadydyr.


12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 14:59
842

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

09.05.2026 07:34
1.3k+

64 döwlet Aýy özleşdirmek boýunça Artemis ylalaşygyna goşuldy

Aýy öwrenmek we özleşdirmek boýunça halkara başlangyç bolan «Artemis» taslamasyna goşulan ýurtlaryň sany 64-e ýetdi....