Eýran resmi taýdan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza boldy

  • 04.07.2023 18:05
  • 5.2k+

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) sişenbe güni Eýranyň resmi taýdan gurama agza bolandygyny habar berdi. Bu barada çözgüt şu gün ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde kabul edildi.

Eýran guramanyň dokuzynjy agzasy boldy. 2022-nji ýylyň sentýabrynda ŞHG-niň Samarkandda geçen sammitinde Eýranyň gurama girmegini maksat edinýän borçnamalary hakynda Ähtnama gol çekildi.
ŞHG 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda Şanhaýda döredildi. Ilkibaşda gurama alty döwlet — Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan girýärdi. 2017-nji ýylda oňa Hindistan we Pakistan goşuldy.


21.04.2026 22:16
6.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

17.03.2026 15:58
7.8k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

16.03.2026 14:48
11k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...