Formula-1-iň Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryny geçirmek üçin şertnamasy 2030-njy ýyla çenli uzaldyldy

  • 03.07.2023 12:14
  • 5.2k+

“Formula-1” Awstriýanyň Gran-prisini geçirmek üçin şertnamanyň 2030-njy ýyla çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi. Şpilbergdäki awtodrom bilen öňki şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenipdi diýip, championat.com habar berýär.

“Men bu täzeligi Awstriýadaky hyzmatdaşlarymyza habar bermäge şat. Sportuň bu görnüşini söýen adam Ditrih Mateşisiň hyjuwy muny mümkin etdi. Bu aýratyn pursat we Mateşise bolan hormatyň alamaty hökmünde biz bu ýerde ýaryşlara 2030-njy ýyla çenli gatnaşjakdygymyzy tassyklap bileris. Awstriýadaky ýaryşy sürüjiler we janköýerler gowy görýär we biz bu ýerde köp ýyllyk çykyşlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, çempionatyň metbugat gullugy “Formula-1-iň” ýolbaşçysy Stefano Domenikaliniň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Awstriýanyň ýoly “Formula-1-iň” senenamasyna 11 ýyldan soň 2014-nji ýylda gaýdyp geldi.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....