Gyrgyzystanda Asman atly innowasion şäheriň düýbi tutuldy

  • 02.07.2023 17:19
  • 32k+

Gyrgyzystanda Issyk-Kul kölüniň kenaryndaky geljekki Asman şäheriniň gurluşygy üçin kapsula goýuldy. Bu barada ýurduň prezidentiniň saýtynda habar berilýär diýip, realty.rbc.ru belleýär.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdyşy ýaly, Asman innowasion şäheri Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän maliýe merkezine we Gyrgyzystanyň ykdysadyýeti üçin lokomotiwe öwrülmeli.

“Asman şäheriniň taslamasyna we onuň gurluşygynyň başlamagyna döwlet býujetinden bir teňňe hem sarp edilmedi. Bu şeýle uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak isleýän daşarky maýadarlaryň bolmagy bilen baglanyşyklydyr” – diýip, Žaparow belledi.

Öň, Asman şäheriniň beýikden Gyrgyzystanyň milli aýdym-saz guraly komuz ýaly görünjekdigi habar berildi. Täze şäheriň meýdany 4 müň gektar bolup, onda 500 – 700 müň adam ýaşap biler. Taslamany durmuşa geçirmegiň takmynan möhleti ýedi ýyldan on ýyla çenlidir.
Konsepsiýa laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa şäher Asman öňdebaryjy bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, döwrebap işewürlik merkezleriniň we maliýe-karz edaralarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýan ýurduň ykdysady we syýahatçylyk merkezi bolmaly. Şeýle-de, şäherde abadanlaşdyrylan ýerler we seýilgähler, döwrebap syýahatçylyk we sport infrastrukturasy bolar.


düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......