Apple-iň kapitallaşdyrmasy taryhda ikinji gezek 3 trln dollardan geçdi

  • 02.07.2023 17:16
  • 9.7k+

Apple kompaniýasynyň kapitallaşdyrmasy 30-njy iýunda söwdadan öň ýene-de 3 trln dollardan geçdi. Aşgabat wagty bilen sagat 13:03-e çenli ýagdaýa görä, IT ägirdiniň paýnamalary NASDAQ biržasynda 0,64%, 190,8 dollara çenli gymmatlady, netijede kompaniýanyň bazar bahasy 3,001 trln dollara ýetdi. Kagyzlar kompaniýanyň 43 ýyllyk taryhynda iň ýokary derejä ýetdi diýip, quote.rbc.ru belleýär.

Ilkinji gezek Apple-iň bazar bahasy 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda geçirilen söwdada 3 trln dollardan geçdi. Ýöne şonda kompaniýa söwda gününi 3 trln dollardan gowrak kapitallaşdyrma bilen tamamlap bilmedi.
Wedbush analitik kompaniýasy Apple-iň bahalarynyň mundan beýläk hem ösmegini çaklaýar. Analitikleriň hasabyna görä, kompaniýanyň adalatly bazar bahasy 3,5 trln dollara barabar. Şol bir wagtyň özünde, Wedbush 2025-nji ýyla çenli iPhone öndürijisiniň kapitallaşdyrmasynyň häzirki derejeden ýene 25% - 4 trln dollara çenli ýokarlanyp biljekdigini çaklaýar.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....