ABŞ-da 120 kolonkaly dünýäniň iň uly ýangyç bekedi açyldy

  • 02.07.2023 16:52
  • 13k+

Sewýerwilden (Tennessi ştaty, ABŞ) uzakda  bolmadyk ýerde dünýäniň iň uly ýangyç bekedi açyldy. Onda 120 kolonka we köp sanly hyzmatlar bar. Olardan diňe ýeňil awtoulaglaryň sürüjileri peýdalanyp bilerler diýip, The Drive ýazýar.

Bu toplum 6,9 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Ol Buc-ee toruna degişli we onda 350 adam işleýär. Bu ýerde söwda merkezi, dynç alyş zolagy, birnäçe azyk nokatlary we awtoulag duralgasy bar.
Tirkegli uly ýük awtoulaglarynyň sürüjileri bu ýangyç bekediniň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezler - olara girmäge rugsat berilmeýär. Operatoryň pikiriçe, ullakan ýük awtoulaglarynyň ýoklugy bu ýere gelýänleriň howpsuzlygy üçin has ygtybarlydyr.
Buc-ee ulgamy 2003-nji ýylda peýda boldy we häzirki wagtda 58 toplumy bar. Tehasda mundan hem has uly ýangyç bekedi eýýäm gurulýar. Onuň meýdany 7 müň inedördül metrden geçer, ýöne kolonkalarynyň sany entek belli däl.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......