Toyota-nyň öňki prezidenti geçen ýylky bitiren işleri üçin 7 million dollar aldy

  • 01.07.2023 14:19
  • 9358
Toyota-nyň öňki prezidenti geçen ýylky bitiren işleri üçin 7 million dollar aldy

Dünýädäki iň iri Toyota Motor awtoulag korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýoda 2022-nji maliýe ýylyndaky (2023-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlandy) bitiren işleri üçin 999 million ýen (takmynan 7 million dollar) baýrak aldy. Bu barada kompaniýanyň anna güni çap eden resmi hasabatynda aýdylýar.

Korporasiýany esaslandyryjy Kiitiro Toýodanyň urugynyň agzasy, 67 ýaşly Akio Toýoda şu ýylyň 31-nji martyna çenli prezident bolup işledi we ýokary ygtyýarlylygy “Lexus” premium-klasly awtoulaglary öndürmek boýunça bölüme ýolbaşçylyk eden 53 ýaşly Kodzi Sato geçirmek üçin meýletin işinden çekildi. Direktorlar geňeşiniň başlygy, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär we iri işewürlik birleşiklerinde işleýär.
Toyota Motor-yň ýokary ýolbaşçylary, beýleki iri korporasiýalarda bolşy ýaly, aýlyk alman, bir ýylky işiň netijelerine esaslanyp, bir gezeklik hak alýarlar. Akio Toýoda geçen ýyl 685 million ýen (bary-ýogy 5 million dollar) aldy.
Toyota Motor 2023-nji maliýe ýylynda söwdasyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 18,4 göterim artdyrdy. Ol korporasiýanyň taryhynda iň ýokary derejä çykaryldy - takmynan 37,2 trillion ýen (takmynan 257 milliard dollar). Korporasiýanyň arassa girdejisi takmynan 17 milliard dollar boldy.


24.11.2023 10:07
8518

Dünýäniň iň gymmat 100 kompaniýasy belli boldy

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Interbrand Corp. konsalting kompaniýasynyň gözleglerine görä, onuň brendi 502,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, gazeta.ru habar berýär. Apple reýtingde...

07.01.2023 11:35
8443

GM 2022-nji ýylda ABŞ-nyň bazarynda satuw boýunça Toyota-dan öňe geçip, lider boldy

General Motors Co. (GM) amerikan awtoöndürijisi 2022-nji ýylda ABŞ-nyň bazarynda satuw boýunça Toyota Motor Corp. kompaniýasyndan öňe geçip, liderligini gaýtaryp aldy. Geçen ýyl amerikan bazarynda GM-iň satuwy...

09.11.2022 11:26
11059

2022-nji ýylyň iň gymmat kompaniýalary yglan edildi

Interbrand-yň profil gory 2022-nji ýylda dünýäde iň gymmat kompaniýalaryň reýtingi bilen tanyşdyrdy. Apple ýene-de sanawyň başyny çekdi. Apple kompaniýasy on ýyl bäri yzygider birinji ýerde durýar. Şu ýyl korporasiýanyň...

24.10.2021 15:02
3045

Apple bassyr dokuzynjy ýyl dünýäniň iň gymmat brendi bolmagynda galdy

Apple brendi eýýäm dokuz ýyl bäri dünýäniň iň gymmat brendi bolmagynda galýar. Muny Interbrand Corp. kompaniýasynyň 2021-nji ýyl üçin derňewleri görkezdi. Onuň bahasy geçen ýylyň dowamynda 26% ýokarlanyp, 408,25...