Mask Sukerbergden üstün çykmak üçin UFC-niň çempionyny tälimçi tutdy

  • 01.07.2023 14:05
  • 20k+

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi, milliarder Ilon Mask Ultimate Fighting Championship-iň (UFC) legendasy Žorž Sen-Pýeriň gözenekde Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberge garşy söweşe taýýarlamak teklibini kabul etdi. Bu barada Business Insider habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

“Men siziň uly muşdagyňyz we meniň üçin Sukerberge garşy söweşden öň kömek etmek we türgenleşik boýunça hyzmatdaşyňyz bolmak uly hormat bolardy” – diýip, UFC-niň legendasy Maska ýüzlendi. Işewür Sen-Pýer bilen söweşe taýýarlanmaga razy boldy.

Sen-Pýer garyşyk başa-baş söweş sungatynyň öňki professional söweşijisi, ol sportuň bu görnüşiniň iň beýik wekilleriniň biri hasaplanýar. Sen-Pýer ýarym orta we orta agramda titullara eýe bolup, iki diwizionda UFC-niň çempiony boldy.
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Mask we Sukerberg bilen telefon arkaly gürleşendigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, milliarderleriň ikisi-de söweşe çynlakaý çemeleşýär.


22.06.2026 14:40
4.3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....