Günorta Koreýa adaty ýaş hasaplaýyş ulgamyndan ýüz öwürdi

  • 30.06.2023 08:41
  • 14k+

Günorta Koreýa 28-nji iýundan adaty ýaş hasaplaýyş usulyndan ýüz öwrüp, adamyň doglan pursatyndan ýaşy hasaplamagyň halkara ülňüsine geçdi. Ulgamdaky üýtgeşme ýurduň häkimiýetleri tarapyndan mälim edildi diýip, Yonhap habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

Öň, respublikada adamyň doglan gününde bir ýaşy dolýar diýlip hasap edilýärdi. Täze ýylyň ilkinji güni hem ýene bir ýyl goşulýar. Ýagny, ýylyň ahyrynda doglan çagalar täze ýyl gelenden soň eýýäm iki ýaşly bolýarlar. Bu ulgam “koreý ýaşy” diýlip atlandyrylýardy. Ondan ýüz öwürmek bilen ýurduň raýatlary şol bir-iki ýyl ýaşardylar.
Täze ülňi kazyýet we administratiw gurşawda ulanylar, ýöne ol harby gulluga çagyryş, alkogol içgilerini içmäge gadaganlyk ýa-da mekdepde bilim almak meselelerine täsir etmez.

“Bir bitewi ýaş hasaplaýyş ulgamy ýaşy hasaplamagyň birnäçe ulgamynyň ulanylmagy sebäpli çykýan sosial çykdajylary ep-esli azaldar” – diýip, kanun çykaryjy ministr Li Wan Gýu belleýär.

Ýonhap bir bitewi ýaş ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň prezident Ýun Sok Ýoluň saýlawdan öňki wadalarynyň biridigini belläp geçýär.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....