Türkmenistanda täze «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany çapdan çykdy

  • 29.06.2023 11:17
  • 15k+

Türkmenistanda «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen döredilen «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany şu gün, 29-njy iýunda çapdan çykdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gazetiň çapdan çykmagy mynasybetli «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerine we okyjylaryna Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutany täze döredilen gazetiň ilkinji sanynyň çykmagy mynasybetli gutlap, täze neşiriň oňyn özgertmelerimiziň, giň gerimli başlangyçlarymyzyň düýp many-mazmunyny halka düşündirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna, şäher ýaşaýjylarynyň, ähli watandaşlarymyzyň, giň okyjylar köpçüliginiň uly söýgüsini gazanjakdygyna berk ynanýandygyny belledi.
Gazetiň birinji sanyny şu saglydan ýükläp alyp bilersiňiz.


şu gün 01:14
1.5k+

Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Kroula ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu......

düýn 23:44
781

Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna......

düýn 23:42
349

Türkmenistan wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu......

düýn 23:38
2.3k+

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe täze kanun taslamalaryny kabul etmäge taýýarlanýar

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna......