Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylyşyna badalga berildi

  • 29.06.2023 11:02
  • 34k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji «akylly» Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralara badalga berildi.

Ir bilen «Akhan» binasynyň ýanyndaky meýdançada «akylly şäheriň» açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi.
Meýdançada Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmanlar bilen ady rowaýata öwrülen Akhan bedewiniň keşbini janlandyrýan binanyň ýanyna bardylar we ony açdylar.
«Akhan» binasynyň üstüni örtýän örtük aşak düşürlende dürli reňkli howa şarlary dabaraly saz astynda ýokary uçuryldy we binanyň esasynda bolsa suw çüwdürimleri işläp başladylar.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow we belent mertebeli myhmanlar Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna bardylar.
Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we Watanymyzyň Döwlet baýdagy ýokaryk galdyryldy.
Şeýle hem dabaralaryň çäklerinde «Arkadag» binasynyň açylyşy boldy.
Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar dowam edýär.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......