Olimpiýa oýunlary-2024-iň alaw estafetasynyň geçjek ugry yglan edildi

  • 26.06.2023 08:32
  • 9k+

NBC-niň habar bermegine görä, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary Olimpiýa alawynyň estafetasynyň ugrunyň jikme-jikliklerini mälim etdiler. Onuň dowamynda alaw göterijiler Fransiýanyň iň meşhur taryhy ýerlerine baryp görerler.

2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawy 16-njy aprelde Olimpiýada ýakylar we şondan soň Gresiýada dokuz gün bolar. Soňra üç bogaldakly “Belem” gämisinde Ortaýer deňziniň aňyrsyndaky Marsel portuna eltiler. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, Gomer döwrüni ýada salýan bu gämi birgiden gaýyklar toparynyň ugratmagynda Fransiýanyň kenaryna geler.
Estafetanyň fransuz bölegi 8-nji maýdan 26-njy iýul aralygynda 68 gün dowam eder, şol sanda 8-nji iýundan 17-nji iýuna çenli deňiz aňyrsyndaky sebitlerde: Fransiýanyň Gwianasynda, Reýunýonda, Taitide, Gwadelupde we Martinikde geçer.
Fransiýada Olimpiýa alawy 64 sebitdäki 400-den gowrak şähere baryp görer. Estafeta “D-Day”-iň, Mon Sen-Mişeliň plýaž kenarlaryndan, Wersal köşgünden, Kanndan, “Roland Garros”-yň çäginden we köp sanly meşhur üzümçilikleriň we muzeýleriň üstünden geçer.
10 000 sany özbaşdak alaw göterijiniň hersi 200 metr töweregi ylgar, üstesine-de 3000 sany fakel göteriji toparlaýyn estafeta ýaryşlaryna gatnaşar.
2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 26-njy iýulda geçiriler.


düýn 10:38
2.6k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....