Parižde 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary üçin “türgenleriň obasy” gurlar

  • 25.06.2023 12:31
  • 8.7k+

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin PETITDIDIERPRIOUX türgenleriň obasy gurlar. Bu barada Designboom portaly ýazýar diýip, rossaprimavera.ru belleýär.

Meýdany 12 048 inedördül metr bolan taslama Fransiýanyň paýtagtyndaky eko-sebitde ekologiýa taýdan arassa desgalaryň birnäçesini öz içine alar. Türgenleriň ýaşaýan ýerlerini, ofisleri, lukmançylyk edaralaryny we beýleki desgalary hödürleýän taslama daş-töwerekdäki landşaft bilen utgaşmagy üçin dürli görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna üns bermek bilen işlenip düzülýär.
Olimpiýa oýunlary tamamlanandan soň oba “miras tapgyryna” geçer we sosial ýaşaýyş jaýlary üçin ulanylar. Munuň üçin desgalaryň her biri esasan agaçdan ýasalar.
PETITDIDIERPRIOUX topary ähli territoriýada ulanylyp, şäher landşaftynyň köpdürlüligi bilen bir bitewi we sazlaşykly dizaýn dilini üpjün edýän umumy düzgünleriň toplumyna eýerdi.


düýn 10:38
2.6k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....