Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti bilen welosport ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 25.06.2023 11:01
  • 10k+

24-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp we oňa hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, bu gezekki saparyň çäklerinde welosiped sporty boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilişi bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi we geçiriljek gepleşiklerde üstünlik arzuw etdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan sportuň ähli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge ukyplydyr we Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki ajaýyp ýapyk welotrek binasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardyr.
Öz gezeginde Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafar Türkmenistanyň iri sport ýaryşlaryny birkemsiz guramakda tejribe toplandygyny, bu bolsa ýurdumyzda dünýä ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini nygtady.
Duşuşygyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow we myhman özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Osama Al Şafaryň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň Emirlikler böleginiň başlygy bolup durýandygyny belläp, Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň BAE bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidini esasy ugur edinýän dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.


14.05.2026 15:38
2.1k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....