ABŞ-da ilatyň çalt garraýandygy habar berildi

  • 24.06.2023 10:53
  • 19k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilatynyň ortaça ýaşy taryhda iň ýokary derejä ýetdi. Report agentliginiň habaryna görä, bu barada ýurduň Ilat ýazuwy edarasy habar berdi.

Statistika ABŞ-nyň ilatynyň garrandygyny we ortaça ýaşyň soňky iki ýylda 0,2 ýyl artyp, 38,9 ýaşa ýetendigini görkezýär. Galyberse-de, ýekeje ştatda hem ortaça ýaşyň kiçelmegine gabat gelinmedi.
Men (44,8) we Nýu-Gempşir (43,3) ortaça ýaşy iň ýokary bolan ştatlaryň başyny çekýär.
Mundan başga-da, ABŞ-da çagasyz maşgalalaryň sany öňki ýyllar bilen deňeşdirilende köpeldi. Şeýlelik bilen, soňky iki onýyllygyň içinde dogluş derejesi kem-kemden peselýär. Hünärmenler çalt ösýän ýaş ilat bolmasa, ABŞ-da ortaça ýaşyň ýokarlanjakdygyny aýdýarlar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......