Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynda toplanan maglumatlary içgin öwrenmegi tabşyrdy

  • 24.06.2023 09:59
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow orta we uzak möhletleýin geljek üçin durmuş-ykdysady döwlet syýasatynda peýdalanmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlaryny ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Şu babatda döwlet Baştutany wise-premýer H.Geldimyradowa Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde giňişleýin hasabat bermegi tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow 2022-nji ýylyň dekabr aýynda «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet derejesindäki bu çäre ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirildi. Uçdantutma ýazuwda toplanan maglumatlar umumylaşdyryldy we degişli görkezijiler boýunça ulgamlaşdyryldy.
Serdar Berdimuhamedow toplanan maglumatlaryň ozalky şeýle çäräniň geçirilen wagtyndan bäri geçen döwürde demografik, durmuş we ykdysady görkezijilerdäki üýtgeşmeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetimizi ýakyn ýyllarda ösdürmek üçin hem möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýändigini belledi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......