Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy

  • 23.06.2023 12:13
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bu resminama döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......