Türkmenistan ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa gaz ibermelerini 13,5% artdyrdy

  • 23.06.2023 11:58
  • 5.5k+

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde esasy üpjün ediji bolmagyny dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa «mawy ýangyjyň» ekspoty 4,25 mlrd dollara ýetip, 13,5% ösüş görkezdi. Bu maglumatlary HHR-iň Baş gümrük gullugy getirýär.

Gulluk energiýa geçirijisiniň importynyň fiziki möçberini takyklamady.
Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ibermekde ikinji ýerde Russiýa ($2,81 mlrd, 2,12 esse ösüş), soňra Mýanma (23,1% ösüş, 630,53 mln dollar) ýerleşýär. Soňra Gazagystan (25,4% pese düşme, 300,13 mln dollar) gelýär. Özbegistandan ibermeler 60,71% aşaklap, 118,63 mln dollar boldy. Bu ýurt soňky ýyllarda tebigy gazynyň daşary ýurtlara satuwyny düýpli azaltdy, hatda içerki bazarda islegiň artmagy zerarly gazyň importyny artdyrdy.
Gazagystan hem şolar ýaly sebäp boýunça eksportyny çäklendirýär. Içerki islegiň artmagy ýurduň iri senagat kärhanalarynyň kömre derek gaza geçmegi bilen şertlenendir.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...