Bitkoiniň bahasy 26-njy aprelden bäri ilkinji gezek 30 müň dollardan geçdi

  • 22.06.2023 16:28
  • 6.3k+

Söwda sessiýasynda bitkoinleriň bahasy 11% ýokarlanyp, 30 143 müň dollara ýetdi. Muňa Coindesk sahypasynyň aşgabat wagty bilen 21:19-da beren maglumatlary şaýatlyk edýär.

Aşgabat wagty bilen 21:21-de bitkoiniň ösüşi çaltlaşyp ugrap, 30,17 müň dollar (+ 11.13%) derejesinde boldy. Iň soňky gezek 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde bitkoiniň bahasy 30 000 dollardan geçdi.
Bitkoin, islendik ulanyjy - ulgamyň agzasy tarapyndan "tapylyp alnyp" (çykarylyp bilner) gözegçilik tehnologiýasyna esaslanýan kriptowalýutany ulanmagyň merkezleşdirilmedik ulgamydyr. Munuň üçin ulgamyň täze bloklaryny döretmeli.
Ulgamyň ideýasy onuň awtory (ähtimal awtorlar topary) tarapyndan Satosi Nakamoto lakamy bilen 2008-nji ýylyň noýabr aýynda neşir edildi. Bitkoiniň meşhurlygynyň iň ýokary derejesi diňe soňky ýyllarda bellendi. Bitkoin bilen üpjünçilik tebigy taýdan çäklidir, häzirki wagtda bitkoýnlaryň köpüsi eýýäm "tapylyp alyndy".


25.03.2026 15:47
10k+

Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler...

08.02.2026 05:00
5.1k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

13.11.2025 11:16
5.2k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

23.05.2025 13:00
14k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...