Bilermenler topary GDA-nyň çempionaty hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny ylalaşdy

  • 20.06.2023 17:01
  • 5.4k+

Arkalaşgyň döwletleriniň wekilleriniň Bilermenler toparynyň goşmaça mejlisinde GDA-nyň Çempionaty (Birinjiligi, Kubogy) hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny ylalaşdylar. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat-gullugy habar berdi.

Düzgünnamanyň taslamasy GDA ýurtlarynyň Oýunlaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça Iş toparynyň işjeňliginiň çäklerinde işlenip düzüldi. GDA-nyň çempionatlaryny gurnamak pikiri Arkalaşykda GDA ýurtlarynyň her iki ýyldan bir gezek geçirilýän Oýunlarynyň arasynda derejeli sport bäsleşiklerini geçirmek teklibi bilen şertlendirilendir. Çempionatlar GDA ýurtlarynda sportyň olimpiýa, paralimpiýa, surdlimpiýa (deflimpiýa), tehniki, awiasiýa, harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça, şeýle hem sportyň olimpiýa däl we milli görnüşleri boýunça kadaly esasda geçiriler.
Bir ýylyň dowamynda sportyň aýry-aýry görnüşi boýunça Arkalaşygyň diňe bir çempionaty ýa-da birinjiligi, ýa-da kubogy geçirilip bilner. Olaryň geçirilýän ýeri we seneleri baradaky karar Geňeş tarapyndan döwletleriň teklipleriniň esasynda kabul ediler.
Düzgünnamanyň taslamasyny GDA hökümetleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna çykarmaklyk meýilleşdirilýär.


20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

11.03.2026 18:42
3.9k+

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi. Konsepsiýa bäş sany esasy ugry: parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, ykdysady we ulag baglanyşygyny ösdürmegi, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi öz içine alýar...

24.01.2026 09:32
2.5k+

Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...