Hytaý bir gezekde uçurylan hemralaryň sany boýunça hususy rekordyny täzeledi

  • 17.06.2023 12:32
  • 8k+

Hytaý 41 sany kiçi hemrany, hususan-da, Jilin-1-i orbita üstünlikli uçuryp, birbada birnäçe kosmos enjamyny orbita bir gezekde uçurmak boýunça hususy rekordyny täzeledi. Bu barada Hytaýyň Aerokosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Maglumatlara görä, uçuryş CZ-2D raketasynyň kömegi bilen ýurduň demirgazygyndaky Taýýuan kosmodromyndan Pekin wagty bilen sagat 13:30-da amala aşyryldy.
“Szilin-1” – täjirçilik ulanylyşy üçin niýetlenen optiki uzak aralykdan barlaýyş hemralary. HHR-iň resmi meýilnamasyna laýyklykda, takmynan, 2025-nji ýyla çenli orbitada bitewi ulgamy emele getirýän 138 sany şeýle kosmos enjamy bolar.
CZ-2D – diametri 3,35 metr bolan suwuk ýangyçly iki basgançakly raketa. Onuň uzynlygy 40 metrden gowrak bolup, Gün-sinhron orbitasyna (700 km) 1,3 tonna çenli peýdaly ýük çykarmaga ukyplydyr.
2022-nji ýylda Hytaý 64 uçuryşy amala aşyryp, ýene bir gezek hususy rekordyny täzeledi. Ol bu görkeziji boýunça bellenilen döwürde ABŞ-dan soň ikinji orny eýeledi.


12.05.2026 07:19
15k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.5k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......