Haýyr-sahawat gaznasynyň işleri barada gürrüň berýän täze kitap çapdan çykdy

  • 17.06.2023 00:21
  • 14k+

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri barada giňişleýin gürrüň berýän «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çapdan çykdy.

Bu barada 16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow habar berdi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitap Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylara sowgat hökmünde paýlanyldy.
Kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýlip atlandyrylan bölümlerden ybarat.
Täze neşirde: «Her bir döwletiň esasy maksady durnukly ykdysady ösüşi gazanyp, onuň netijeleri esasynda ilatyň durmuş ýagdaýlaryna täsir etmeklige, ony gowulandyrmaklyga gönükdirilýär. Onda esasy wezipe raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen, öz saglygyny goramagy, bilim almagy, döredijilik başlangyçlaryny amala aşyryp bilmegi babatdaky mümkinçiliklerini döretmekden ybarat. Jemgyýetde hossarlyga mätäç raýatlaryň bolmagy bu wezipeleri çözmäge dürli çemeleşmeleri talap edýär» diýlip, gaznany döretmegiň esasy maksadydyr wezipelerine, alyp barýan giň gerimli işlerine üns çekilýär.
Mälim bolşy ýaly, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredildi.


şu gün 19:01
364

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......