29-njy iýunda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylar

  • 16.06.2023 17:05
  • 28k+

Ýakyn günlerde biz Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga bereris diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde belledi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýty habar berýär.

2019-njy ýylda gurluşygy badalga alan, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri iki tapgyrdan ybaratdyr. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy.
«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Şolaryň arasynda iki we köp gatly, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş hem-de medeni binalar, sport desgalary we inžener ulgamlary bar.
Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa, «akylly öý» ulgamy ornaşdyryldy.
Täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......