Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutdy

  • 16.06.2023 13:55
  • 27k+

Şu gün, 16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, mejlisde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere seredildi.
Göçme mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara gol çekdi.
Mejlis tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şeýle hem, täze şäherde ulanyljak ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglary – elektrobuslary, elektromobilleri, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi.
Soňra bolsa, türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasy berildi.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......