Porsche lýuks segmentinde iň gymmatly markalaryň sanawynda birinji ýeri eýeledi

  • 15.06.2023 22:41
  • 12k+

Porsche kaşaň önümleriň öndürilýän markalarynyň arasynda iň gymmat diýlip yglan edildi: Bahasyny seljerýän Brand Finance gullugy, iş ugruna garamazdan, reýtingdäki ähli markalary öz içine alýar. Agentligiň markalaryň nyrhynyň soňky gözleginde, Porsche-den başga-da ýene iki awtoulag öndürijiniň ady agzalýar.

Brand Finans Porschen-iň yzly-yzyna altynjy ýyl birinji ýerde durandygyny aýtdy. Indi markanyň bahasy 36,8 milliard ABŞ dollary. Ikinji orny 26,3 milliard netije bilen Louis Vuitton saklady, bahasy 19,4 milliarda çenli ýokarlanan Chanel markasy Gucci-ni üçünji orundan (17,8 milliard) çykardy.
Şeýle hem ilkinji onluga Hermes, Dior, Cartier, Rolex we Tiffany girdi, onunjy orny 7,4 milliard bahasy bolan Ferrari eýeledi. Gözlegde agzalan üçünji awtoulag öndürijisi Lamborghini. Italýanlar ilkinji onluga girmedi, ýöne kompaniýa iň dinamiki ösüşi bilen bellendi. Soňky bir ýylda Lamborghini markasynyň bahasy 123% ýokarlandy, ýagny 4,1 milliard dollara ýetdi.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....