Beýik Britaniýa ýurda giriş üçin töleg girizýär

  • 13.06.2023 16:37
  • 12k+

Beýik Britaniýa syýahatçylar üçin giriş töleglerini girizýär. Bu barada CNN salgylanyp, novosti.kg habar berýär. Ýatlap geçsek, Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2009-njy ýyldan bäri ýurda girýänlerden elektron ygtyýarnama üçin töleg alýar, indi Beýik Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi hem şeýle düzgüni girizip başlaýar.

ABŞ-da ygtyýarnama 21 dollara düşýär we ol iki ýylyň dowamynda hereket edýär. Ýewropada giriş üçin töleg indiki ýyl 7 ýewro derejesinde giriziler: ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti üç ýyl bolar. Birleşen Korollyga girmek üçin bolsa syýahatçylar indi, takmynan, 12,5 dollar tölemeli bolarlar. Ygtyýarnama iki ýyl hereket eder.


14.03.2026 15:33
2.8k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...