Agyr atletika boýunça 2024-nji ýyldaky dünýä çempionaty Bahreýnde geçiriler

  • 13.06.2023 15:44
  • 8.2k+

Bahreýn agyr atletika boýunça 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyny kabul etmekde dalaşgärleriň arasynda ýeňiş gazandy. Bahreýn bilen birlikde bu wezipä Ermenistan we Albaniýa dalaş etdi.

Bahreýniň agyr atletika federasiýasynyň prezidenti, Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň iň ýaş geňeş agzasy Eshak Ebrahim Eshak Halkara Agyr atletika federasiýasyna ynam bildirenleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi we ýatdan çykmajak ýaryşlary geçirjekdigini aýtdy.
Çempionat Bahreýniň paýtagty Manamada geljek ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda, Parižde boljak Olimpiýa oýunlaryndan birnäçe aý soň geçirmek meýilleşdirilýär.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Bahreýnde geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan ýokary baha berlendigini bellemelidiris. Soňra IWF-iň başlygy Muhammet Jalud Al-Şammari Bahreýniň sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.


23.05.2026 23:33
3.4k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......

21.05.2026 11:27
3.3k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

16.03.2026 16:43
3.7k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...