RF-niň ilçisi: Türkmenistanda rus dilinde okadylýan 71 sany mekdep hereket edýär

  • 12.06.2023 20:24
  • 17k+

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, Russiýa Türkmenistanyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridir. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Bu barada Russiýanyň ýurdumyzdaky ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde Russiýanyň gününe bagyşlanan makalasynda ýazdy.

Ilçi iki dostlukly ýurduň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pudagynda özara gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bu kontekstde häzirki wagtda Türkmenistanda rus dilinde okadylýan 71 mekdebiň bardygy bellendi.
Şeýle-de, Wolynkin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Aziýa bilen sebitdäki ähli ýurtlar üçin dowamly parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ugrundaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň iň möhüm böleklerinden biridigini aýtdy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......