Leýla Şöhradowa küşt boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal aldy

  • 10.06.2023 16:32
  • 15k+

Lebap welaýatyndan mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa 8-nji iýunda Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan «rapid» formatynda küşt boýunça dünýä çempionatynda 16 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussatlygyna kandidaty diýen ada eýe bolan Leýla mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplady, ýeňiji Aleksandr Şwedowadan (Russiýa) bary-ýogy bir utuk, kümüş medal gazanan Ksenia Normandan (Belarus) ýarym utuk yza galdy.

1440 reýtingi bilen ýaryşda 12-nji belgili Leýla ýaryşyň başynda birbada iki ýeňlişe sezewar boldy (şol sanda ikinji belgili Ksenia Normandan, 1989), ýöne muňa garamazdan, başlangyç tolgunmany ýeňip geçmäge güýç tapdy we  hakyky göreş ruhuny görkezip, 2005-nji reýtinge eýe çempionyň ýeňşini hem öz içine alýan indiki 9 oýunda 8 utuk gazandy. Şeýle ajaýyp netije Leýla Çalt küştdäki reýtingini birbada 170 punkt galdyrmaga mümkinçilik berdi.
Umuman alanyňda, Türkmenistandan ýaryşa ýurduň 8 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky iň gowy 12 küştçisi (6 gyz we 6 oglan) gatnaşdy. Beýleki kategoriýalarda ýaryşyň esasy böleginde 18 ýaşa çenli kategoriýada öňdebaryjy topara giren we hatda reýtingiň lideri grossmeýster Wolodar Murzin (2554) bilen deňme-deň oýnan, ýöne bäsleşigiň soňky gününde dört oýunda bary-ýogy ýarym utuk toplamagy başaran aşgabatly Amanmuhammet Hommadowyň (2244) 7-nji ýeri eýeländigini bellemelidir. Görnüşinden, aýgytly tapgyrlaryň tolgunmasy täsir eden bolmaly, sebäbi bu Amanmuhammediň halkara derejesinde ilkinji çykyşy boldy.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....