Polina Gurýewa we beýleki agyr atletikaçylar Olimpiada-2024-iň saýlama tapgyryna gatnaşar

  • 09.06.2023 12:48
  • 22k+

Türkmen türgenleri Gawanada (Kubada) başlanjak Agyr atletikanyň halkara federasiýasynyň (IWF) Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar.

ORIENT agentliginiň ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar bermegine görä, ýaryşa türkmen wekiliýetiniň düzümini dört adam, şol sanda üç türgen düzdi. Erkekleriň toparyna: Gaýgysyz Töräýew we Şatlyk Şöhradow girdiler. Zenanlar derejesinde 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalçysy Polina Gurýewa çykyş eder.
Türkmen wekiliýetine milli toparyň baş tälimçisi Mansur Rejepow baştutanlyk eder.
Agyr atletikanyň halkara federasiýasynyň Gran-pri (IWF) bäsleşigi – olimpiýa seçiminiň bir tapgyrydyr. Bu ýaryşda 70-den gowrak ýurtdan dört ýüzden gowrak ştangaçy ýygnanar, olar 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiada gatnaşyjylary kesgitlemek üçin reýtingdäki ýerler üçin göreşerler.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....