Apple indi enjamlarynda Intel çiplerini ulanmaýar

  • 08.06.2023 13:24
  • 6.6k+

Apple Intel prosessorlaryny ulanmakdan ýüz öwrüp, kompýuterleriniň öz ARM prosessorlaryna geçmegini üstünlikli tamamlady. Bu baradaky maglumat kompaniýanyň resmi web sahypasynda peýda boldy.

Mac kompýuterlerine we noutbuklaryna bagyşlanan sahypada indi Intel prosessorlarynda işleýän enjamlar barada agzalmaýar. Bu üýtgeşme WWDC-ni döredijiler üçin geçirilen  çäreden soň, web sahypanyň täzelenmegi bilen baglanyşykly.
Korporasiýanyň monobloklarynyň biriniň beýanynda Mac kompýuterleriniň Apple-iň öz prosessorlarynyň ulanylyşyny görkezýän “Apple Silicon” prosessorlaryny ulanmak arkaly üýtgedilendigi bellendi.
Şeýle hem, Intel prosessorly enjamlar Apple-iň internet-dükanynyň önümleriniň hataryndan ýitdi. Şeýlelikde, Apple-iň “Apple Silicon” prosessorlaryna geçişi üç ýyldanam az wagtda tamamlady.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....