71 ýaşly pensioner lotereýada 476 million dollar utdy

  • 08.06.2023 13:19
  • 30k+

Nýu-Ýorkly bir pensioner 476 million dollarlyk jekpot gazandy, bu lotereýa 2002-nji ýylda çykyp başlaly bäri iň uly utuş boldy. Bu barada NY Post neşiri habar berýär.

Kwinsiň 71 ýaşly ýaşaýjysy Jonni Teýlor bagtly petegini Ozon-Parkdaky Liberty Beer and Convenience dükanyndan satyn alandygyny, ondan, köplenç, lotereýa peteklerini satyn alýandygyny aýtdy.

“Aýalyma utuş hakda aýdanymda, ol maňa ynanmady. Emma häzirem muňa ynanar ýaly däl "-diýdi.

Jonni Teýlor şu hepde lotereýa peteginden utan puluny nagt görnüşde birbada eline aldy, ol degişli salgyt tutulandan soň, 157 million dollar boldy. Pensioner utan puluna täze jaý almak, dünýä syýahat etmek we ýerli ybadathana haýyr-yhsan bermek, ýöne ilki bilen, köne ulagyny täze gibrid modele çalyşmak isleýändigini aýtdy.
Bu adama bagtly bilet satan dükan hem 10 000 dollar baýrak alar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......